ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek bir hassa böwrek iki gezek oturdyldy

  • 04.03.2026 14:31
  • 3.4k+

Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär.
67 ýaşly Tim Endrýus süýji keseli sebäpli agyr böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýärdi. Ol birnäçe ýyllap hepdede üç gezek alty sagatlap dializ bejergisinden geçipdi. Wagtyň geçmegi bilen näsagyň ýagdaýy agyrlaşyp başlady: ol ýürek tutmasyny başdan geçirdi we ýöremek ukybyny ýitirdi diýen ýaly.


2025-nji ýylyň ýanwarynda Endrýus ýokary töwekgelçilikleri boýun alyp, eksperimental usulda doňuz böwreginiň oturdylmagyna razy boldy. Organizmiň böwregi ret etmeginiň öňüni almak üçin ol 51 sany derman kabul etdi. Ilkinji aýlarda onuň ýagdaýy gowulaşsa-da, 271 günden soň gaýraüzülmeler ýüze çykdy we böwregi aýyrmaly boldy.
Gaýtadan dializ bejergisine dolanan Endrýusa 2026-njy ýylyň ýanwarynda ýogalan donordan laýyk gelýän böwrek tapyldy we ikinji gezek transplantasiýa amala aşyryldy. Operasiýa şowly geçdi, häzirki wagtda hassa öýünde dikeliş tapgyryny geçýär we organizmiň täze böwregi kabul etmegi üçin 20 sany derman içýär.


«Adamlar donor bolmaly. Siziň sürüjilik şahadatnamaňyzda "donor" diýen belligiň bolmazlygy üçin hiç hili sebäp ýok. Mende bu bellik 16 ýaşymdan bäri bar. Şonda men haçandyr bir wagt özüme organ gerek bolar öýtmändim, gaýtam özüm donor bolaryn diýip pikir edipdim, ýöne ykbal başgaça bolup çykdy» – diýip, Endrýus gürrüň berýär.


24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......