Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler

  • 04.03.2026 10:42
  • 2.2k+

Pekin uniwersitetiniň gözlegçi hünärmenleri dünýäde iň kiçi we iň az energiýa sarp edýän tranzistorlary işläp düzdüler. Bu täze tehnologiýa geljekde emeli aň üçin niýetlenen has güýçli çipleriň esasyny düzüp biler.

Bu açyş segnetoelektrik meýdan tranzistorlary (FeFET) diýlip atlandyrylýan tehnologiýa degişlidir. Bu tranzistorlaryň esasy aýratynlygy — olaryň ynsan beýnisiniň işleýiş maksadyny gaýtalamagynda bolup, olar maglumaty saklamagy we ony işläp taýýarlamagy birleşdirýärler. Adaty kremniý çipleri bolsa, maglumaty saklamak we ony işlemek üçin aýry-aýry bölekleri ulanýarlar. Çylşyrymly hasaplamalar geçirilende, maglumatlar yzygiderli bu bölekleriň arasynda göçürilýär. Netijede energiýa köp sarp edilýär we çip aşa gyzýar. Emeli aň goşundylarynyň çalt ösmegi bolsa has tygşytly we güýçli prosessorlara bolan islegi artdyrýar.

FeFET-leriň öňki esasy kemçiligi maglumatlary ýazmak üçin ýokary elektrik güýjüni talap etmegidi. Adaty shemalar 0,7 woltda işleýän bolsa, öňki FeFET-ler 1,5 wolt talap edýärdi.

Hytaýly alymlaryň döreden bir nanometr ölçegdäki dolandyryjy elektrodly täze tranzistor bary-ýogy 0,6 wolt bilen işleýär, öňkülerden 10 esse az energiýa sarp edýär we örän çalt — 1,6 nanosekundda seslenýär.

Pekin uniwersiteti häzirkizaman tehnologiýa dünýäsinde uly gyzyklanma döreden bu açyşyny eýýäm patentleşdirdi.


düýn 23:52
5.2k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......