Höwesjeňler iPhone-da gizlin hereket usulyny tapdy

  • şu gün 16:25
  • 657

Cult of Mac ýöriteleşdirilen blogyň žurnalistleri iPhone bilen işlemegi ýeňilleşdirýän gizlin hereket usuly barada habar berdiler.

Olar iOS ulgamynda birbada birnäçe elementi bellemäge mümkinçilik berýän aýratyn hereket usuly bardygyny belläp, bu aýratynlygy iMessage messenjerini ulanmak arkaly görkezdiler. Şunlukda, eger ekranda iki barmak bilen aşakdan ýokaryk süýşürseň, birbada birnäçe habarnamany belläp bolýandygy mälim boldy.

«Bu iki barmakly hereket usulyny bir gezek öwrenseňiz, ony hemme ýerde ulanar ýörersiňiz» diýip, höwesjeňler täze tapyndyny uly gyzyklanma bilen taryplaýarlar.


şu gün 16:38
428

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

şu gün 15:56
861

Alymlary imperator pingwinleriň ykbaly alada goýýar

Alymlary Antarktikadaky imperator pingwinleriň sany uly alada goýýar. Le Monde gazetiniň habar bermegine görä, guşlar üçin esasy howpy olaryň ýaşamagynyň we köpelmeginiň şerti bolan deňiz buzluklarynyň meýdanynyň azalmagy döredýär...

şu gün 09:42
3.4k+

Ýaponiýada işçisi we erkegi bolmadyk garynja görnüşi tapyldy

Alymlar koloniýalary diňe ene garynjalardan ybarat bolup, ne işçi garynjalary, ne-de erkek garynjalary öz içine alýan ylma mälim bolan ilkinji garynja görnüşini tapdy. Gürrüň Ýaponiýada ýaşaýan seýrek duş gelýän mugthor Temnothorax kinomurai görnüşi barada barýar diýip, The Independent neşiri habar berýär...

25.02.2026 06:38
4.6k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär...