Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär.
Hünärmenler mundan 400 million ýyl ozal ýaşap geçen Prototaxites organizminiň galyndylaryny jikme-jik seljerdiler.
Barlagyň awtorlary XIX asyrda tapylan galyndylaryň himiki düzümini we mikrogurluşyny gaýtadan öwrendiler. Ilkibaşda bu obýektler gadymy agaçlaryň galyndysy hasaplanýardy. 2001-nji ýylda bolsa bilermenler olary ägirt uly kömelekler hökmünde klassifikasiýa edipdiler. Emma geçirilen täze barlaglar we molekulýar analizler bu organizmiň ne kömeleklere, ne ösümliklere, ne haýwanlara, ne-de lişaýniklere degişli däldigini subut etdi.
Alymlaryň gelen netijesine görä, Prototaxites düýbünden ýok bolup giden we öň hiç wagt beýan edilmedik aýratyn bir janly jandarlar toparyna degişlidir. Onuň öýjükleriniň we dokumalarynyň özboluşly gurluşy, bu görnüşi häzirki wagtda bar bolan janly-jandarlaryň hiç bir kategoriýasyna goşmaga mümkinçilik bermeýär.

