Ýewropa şäherleri köçe yşyklaryny ak reňkden gyzyl reňke geçirýärler. Sebäbi?

  • 16.02.2026 16:39
  • 12k+

Kopengageniň esasy köçeleriniň biriniň ak yşyklaryny gyzyl reňkli yşyklara çalyşdylar. Çyralaryň reňkiniň beýle görnüşde üýtgedilmegi gijeki haýwanlar üçin aýratyn zyýanly bolan yşyk hapalanmasyny azaltmak baradaky maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar.
2017-nji ýylda niderlandly alymlara ilkinji bolup, yşyklandyrmanyň ýarganatlara nähili täsir edýändigini seljermek başartdy. Şunlukda dürli spektrli yşygyň haýal uçýan we yşykdan gaçýan ýarganatlaryň işjeňligini haýalladýandygyny, munuň, esasan-da, olaryň iýmitlenýän ýerlerinde görnetin ýüze çykýandygy mälim boldy. «Gyzyl yşykda bu ýarganatlaryň edil doly garaňkylykdaky ýaly işjeňdigini anykladyk. Emma ak we ýaşyl yşyk olaryň işjeňlik derejesini ep-esli peseldýär» diýip, barlagyň şol wagtky ýolbaşçysy Kamil Spýolstra metbugat beýanatynda aýdypdy.
Ýarganatlar mör-möjekleri gije awlaýarlar. Gijeki çolalykda olaryň bäsdeşleri az bolýar, hatda ýyrtyjylar garaňkylyk sebäpli olary görübem bilmeýärler. Emeli ak yşyk bolsa gijeki Natterer ýarganaty ýa-da goňur ulygulak ýaly görnüşlere çynlakaý päsgel berip biler. Şeýle yşyklandyrmada olar gözüniň kömegi bilen aw edýän ýyrtyjylaryň, esasan-da baýguşlaryň öňünde özlerini goragsyz duýýarlar.
Daniýanyň Gladsakse şäherinde AFRY Architects býurosynyň taslamasy şäher infrastrukturasyny ekologiýa maksatlary bilen utgaşdyrýar. Oňa laýyklykda esasy we welosiped ýolunyň ugrunda biri-birinden 30 metr aralykda gyzyl LED çyralary gurnaldy. Bu bolsa haýwanlaryň yşykdan gorkýan görnüşlerine şol ýerlerden howpsuz geçmäge, sürüjilere we welosipedçilere bolsa görüjiligi hem-de seresaplylygy durnukly saklamaga mümkinçilik berýär.
Şuňa meňzeş çözgütler Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylda Niderlandlaryň Zöýdhuk-Neýwkop şäherinde ýabany tebigat üçin howpsuz bolan ilkinji gyzyl yşyklandyrma gurnaldy. 2019-njy ýylda Beýik Britaniýada ýerleşýän Warndon Woodlands goraghanasynyň golaýyndaky A4440 awtomobil ýolunyň  ugrunda ýarganatlar üçin «geçelge» peýda bolupdy.
Barlaglar şeýle hem gyzyl yşygyň şäherden daşary ýollar üçin hem örän oňaýlydygyny görkezdi. Energiýany az sarp edýän bu reňkli çyralaryň idegi-de ýeňildir. Şunlukda olaryň ekologik netijeliligi we amatlylygy hem özünde jemleýändigini bellemek bolar.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......