Tramp import harytlaryna häzirki bar bolan gümrük paçlarynyň üstüne ýene goşmaça paç girizýändigini yglan etdi

  • 21.02.2026 10:44
  • 11k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda hereket edýän nyrhlara goşmaça hökmünde, ABŞ-a getirilýän ähli import harytlaryna ýene-de goşmaça 10 göterim gümrük pajynyň giriziljekdigini mälim etdi.

Prezident bu barada 20-nji fewralda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň kararyna teswir beren wagty habar berdi. Ýokary kazyýet 2025-nji ýylda Kongresiň razylygy bolmazdan girizilen birnäçe gümrük pajyny bikanun diýip yglan edipdi. Kazyýet Trampyň bu pajy girizmek üçin ulanan kanunynyň diňe "milli adatdan daşary ýagdaýlarda" ulanylyp bilinjekdigini tassyklady.
Ak tamyň ýolbaşçysy kazyýetiň bu kararynyň "daşary ýurt bähbitleriniň täsiri astynda" kabul edilendigini öňe sürdi. Ol kazyýetiň kararynyň diňe 1977-nji ýylyň "Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar hakyndaky kanunyň" (IEEPA) ýörite bir ulanylyşyna degişlidigini belledi.
Donald Tramp milli howpsuzlyk maksatlary bilen girizilen ähli nyrhlaryň güýjünde galýandygyny nygtady. Şolaryň üstüne goşmaça hökmünde 1974-nji ýylyň "Söwda hakyndaky kanunynyň" 122-nji bölümi esasynda ähli import harytlaryna täze paç girizmek baradaky karara gol çeker.
Trampyň administrasiýasy "adalatsyz söwda amallaryna" garşy göreşmek üçin şol bir kanunyň 301-nji bölümi boýunça täze barlaglary başlar.
Geçirilen jemgyýetçilik pikir soraşmalaryna görä, Trampyň gümrük syýasaty Amerikanyň saýlawçylary tarapyndan giňden goldanylmaýar. Saýlawçylar bu çäreleriň harytlaryň gymmatlamagyna we elýeterliliginiň peselmegine sebäp boljakdygyndan gorkýarlar. Muňa garamazdan, Tramp bu meseläniň öz ykdysady maksatnamasyny amala aşyrmak üçin esasy we prinsipial ähmiýete eýedigini gaýta-gaýta belleýär.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......