Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

  • 24.02.2026 17:59
  • 5.8k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer.


Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar. Meýwezer rewanş duşuşygyna 50 ýeňiş (hiç hili ýeňlişsiz) we 27 nokaut rekordy bilen barar. Pakýaonyň hasabynda bolsa 62 ýeňiş (39 nokaut), sekiz ýeňliş we üç deňme-deňlik bar.

Garşydaşlaryň ilkinji söweşi 2015-nji ýylyň maýynda bolupdy. Olaryň bu duşuşygy «Asyryň söweşi» diýlip atlandyryldy. Şonda Meýwezer utuklar boýunça ýeňiş gazanyp, ýarym orta agramda WBA, WBC we WBO boýunça dünýä çempiony titullaryny gorady. Bu tutluşyk boks taryhynda täjirçilik taýdan iň üstünlikli wakalaryň biri boldy.
Häzirki wagtda Meýwezer 25-nji aprelde Kongoda Maýk Taýson bilen geçiriljek görkezme söweşine taýýarlyk görýär.
Meýwezer öz karýerasynda döwrüň ähli güýçli garşydaşlaryny ýeňmegi başardy. Onuň hasabynda boks taryhyndaky iň köp girdeji getiren üç uly waka — Pakýao, Konor Makgregora we Saul Alwarese garşy söweşler bar.


düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......