Işden soňra rahatlyk: Xiaomi ýadaw gözler üçin akylly massažor çykardy

  • 22.02.2026 14:34
  • 2.7k+

Xiaomi kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen Xiaomi Smart Massage Eye atly täze enjamy hödürledi. Bu döwrebap gajet köp wagtyny kompýutere ýa-da smartfona seredip işlemeli bolýan adamlar üçin niýetlenip, göreçleriň ýadawlygyny aýyrmaga kömek edýär.

Massažor 7 sany funksional zolak we 4 sany garaşsyz howa klapany bilen enjamlaşdyrylan. Ol gözüň töweregindäki 8 sany akupunktura nokadyna täsir edip, hakyky massažyň täsirini döredýär.
Ulanyjylar enjamdaky 3 derejeli intensiwlikden we birnäçe režimden peýdalanyp biler. Olaryň arasynda göz maşklary we myşsalary gowşadyp, gan aýlanyşygy gowulandyrýan ýyly ýapgy funksiýasy hem bar.
Gajeti korpusyndaky düwmeler arkaly ýa-da Mi Home ykjam programmasynyň üsti bilen sazlap bolýar. Massažy ýörite programmanyň üsti bilen, öz islegiňe görä, has jikme-jik düzmegem mümkin.
800-den 1200 mAs çenli (modeline görä) sygymly akkumulýator takmynan 2,5 sagat yzygiderli işlemäge mümkinçilik berýär. Zarýad bermek üçin döwrebap USB Type-C porty ulanylýar.
Häzirki wagtda bu akylly massažor Hytaý bazarynda takmynan 199 ýuan (25 ýewro töweregi) bahadan satylýar. Enjamyň dünýä bazaryna çykaryljak senesi barada entek resmi maglumat ýok. Ýöne ony eýýäm köp ýurtda onlaýn dükanlar arkaly alyp başladylar
.


şu gün 10:51
628

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......