Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

  • 22.02.2026 17:06
  • 2.4k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi.

«Bu – öňe tarap ädilen iň wajyp ädim. Biz bu bejeriş usulynyň, mümkin boldugyça gysga wagtda hemme kişi tarapyndan ynanylýan standarta öwrülmegi üçin elimizde baryny ederis» diýip, institutyň direktory Dzýun Takahasi belleýär.
Işlenip düzülen derman iPS-öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen nerw öýjüklerini öz içine alýar. Olar Parkinsonyň keselinden ejir çekýän näsaglara transplantasiýa edilmek üçin niýetlenýär.
Geçen ýylyň aprel aýynda Kioto uniwersiteti bu öýjükleriň göçürilip oturdylanyndan soň, käbir näsaglaryň ýagdaýynda oňyn üýtgeşmeleriň bolandygyny görkezýän kliniki synaglaryň netijelerini paýlaşdy. Awgust aýynda bolsa Sumitomo Pharma derman öndüriji kärhana bu önümi «Amshepuri» söwda markasy bilen tassyklatmak üçin arza berdi. Resminamalara tizleşdirilen tertipde seredildi.
Mundan başga-da, işemiýa kardiomiopatiýasyny bejermek üçin niýetlenen iPS-öýjükli derman hem bölekleýin tassyklama aldy. Häzirki wagtda bu dermanlaryň ikisiniň hem öz görnüşi boýunça ýeke-täkdigi bellenilýär.


düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......