Toyota Polşada awtomobilleri gaýtadan işleýän zawod gurar

  • 21.02.2026 19:07
  • 4.4k+

Toyota Motor Europe Polşanyň Walbžih şäherinde ulaglary gaýtadan işlemek boýunça täze Circular Factory kärhanasyny döreder.
Toplumyň meýdany 25 000 inedördül metr bolar, onuň ýyllyk kuwwaty bolsa ulanylyş möhleti tamamlanan 20 000 töweregi awtomobili gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.
Taslama aýlawly ykdysadyýeti ösdürmäge we uglerod bitaraplygyny gazanmaga gönükdirilendir. Zawod gymmatly materiallary we komponentleri gaýtadan ulanmak üçin saýlap alar. Hususan-da, hünärmenler akkumulýatorlary we tigir disklerini dikeltmek ýa-da gaýtadan işlemek maksady bilen olara baha beriş işlerini geçirer. Şeýle hem kärhana poladyň, misiň, alýuminiň we plastigiň täze ulaglaryň önümçilik tapgyryna gaýtarylmagyny üpjün eder.

Circular Factory Walbžihdäki içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler we gibrid desgalary üçin enjamlary öndürýän häzirki zawodyň işiniň üstüni ýetirer. Bu modeliň ornaşdyrylmagy üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny berkitmäge we ýokary uglerod yzy bolan serişdelere bolan zerurlygy azaltmaga gönükdirilendir.
Materiallaryň soňraky rekuperasiýasyny hasaba almak bilen awtomobilleri taslamaklyk önümçiligiň ähli tapgyrlarynda zyňyndylaryň azalmagyna ýardam etmeli.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......