WBC boks boýunça dünýä çempionlaryna beriljek zynjyr bilen kulony görkezdi

  • 19.02.2026 21:33
  • 4.7k+

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi.
Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi.
Onuň ýokarsy abraýy, mirasy we boksuň iň ýokary derejesine göterilmegi alamatlandyrýan göwher daşlary bilen bezelen şa täji bilen jemlenýär. Ýer şaryny we halkara baýdaklaryny öz içine alýan resmi WBC nyşany dizaýnyň merkezi bölegi bolup hyzmat etmek bilen, guramanyň dünýä derejesindäki abraýyny görkezýär.
Kulon 22 dýuým (ýedi millimetr) uzynlygyndaky zynjyr bilen üpjün edilendir. Zynjyr bilen kulonyň umumy bahasy 40 müň dollara barabar.
Ýatlap geçsek, «Crown Series» şaý-sep tapgyry çempionyň mirasyny adaty guşakdan başga usullar bilen hem bellemek, boksçylara öz gazananlary barada ýatlamalary saklamaga mümkinçilik berýän hemişelik artefaktlar ulgamyny döretmek üçin ýola goýuldy.
Zynjyr bilen kulon diňe dünýä çempionatynyň esasy wakalary hökmünde bellenen söweşlerde ýeňiş gazanan WBC dünýä çempionlaryna berler. 


düýn 14:53
8.2k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......