Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi

  • 18.02.2026 18:23
  • 2.9k+

Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler.
Nestle-niň gymmatly kagyzlary iň ýokary görkezijisine ýeten 2021-nji ýylyň dekabryndan bäri 38% arzanlady. Deňeşdirmek üçin aýtsak, şol bir döwürde onuň bäsdeşleri Danone we Unilever kompaniýalarynyň paýnamalary degişlilikde 32% we 28% ýokarlandy.
Kompaniýanyň bazar gymmatynyň peselmegine satuwlaryň azalmagy, önümçilik çykdajylarynyň artmagy we alyjylaryň isleginiň gowşamagy sebäp boldy. Ýöne bu ýagdaýy has-da agraldan esasy faktor — ýanwar aýynda çaga süýt iýmitleriniň zyýanly bakteriýalar bilen hapalanmagy zerarly ýüze çykan dawa boldy. Kompaniýa öz harydyndan Bacillus cereus bakteriýalarynyň käbir ştammlary tarapyndan bölünip çykarylýan sereulid toksini tapylandan soň, Guigoz markaly iýmitleriň goşmaça tapgyrlaryny bazarlardan aýyrýandygyny yglan etdi. Guigoz we Nidal iýmitlerini yzyna almak çäreleri ilkinji gezek 5-nji ýanwarda başlapdy. Onuň yzysüre Lactalis we Danone kompaniýalary hem özleriniň zyýanly bolup biljek harytlaryny yzyna aldylar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu zäherlenmäniň alamatlary alty sagadyň dowamynda ýüze çykyp, soňy gusma we içgeçme bilen utgaşýar. Fransiýada bu iýmitler zerarly bäbekleriň arasynda eýýäm iki sany heläkçilikli ýagdaý hasaba alyndy. 
Maýadarlar häzirki wagtda kompaniýanyň diňe bir çykdajylary azaltmaga we gysga möhletli görkezijilere üns bermän, eýsem önümiň hiline bolan gözegçiligi güýçlendirmegine hem-de hakyky satuwlary artdyrmagyň täze strategiýasyny hödürlemegine garaşýarlar.


06.03.2026 15:42
4.9k+

KitKat şokoladdan hakyky ölçegdäki «Formula-1» ulagyny ýasady

Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar...

24.02.2026 20:32
4.9k+

Nestlé doňdurma bilen bagly önümçilikden sowaşdy

Şweýsariýanyň Nestlé kompaniýasy özüniň galan doňdurma önümçilik biznesini satmak we bu ugurdaky işlerini adaty usulda bes etmek niýetini mälim etdi. Bu karar korporasiýanyň global derejedäki gurluşyny üýtgetmek meýilnamasynyň bir bölegidir...

13.07.2025 18:32
5.9k+

ABŞ-dan Merck derman öndüriji ägirdi $10 mlrd-a Britaniýanyň Verona Pharma-syny satyn alýar

Amerikanyň Merck derman öndüriji kompaniýasy Britaniýanyň dem alyş ýollarynyň keselleriniň dermanlaryny öndüriji Verona Pharma-ny satyn alýar. Merkiň metbugat beýanatynda geleşigiň bahasynyň takmynan 10 milliard dollar töweregi boljakdygy habar berilýär...

düýn 15:40
1k+

Seljerijiler noutbuklaryň bahasynyň düýpli ýokarlanjakdygyny duýdurýarlar

«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär...