Nestlé doňdurma bilen bagly önümçilikden sowaşdy

  • 24.02.2026 20:32
  • 5k+

Şweýsariýanyň Nestlé kompaniýasy özüniň galan doňdurma önümçilik biznesini satmak we bu ugurdaky işlerini adaty usulda bes etmek niýetini mälim etdi. Bu karar korporasiýanyň global derejedäki gurluşyny üýtgetmek meýilnamasynyň bir bölegidir.
Häzirki wagtda Nestlé-niň ýolbaşçy düzümi Beýik Britaniýanyň Froneri kompaniýasy bilen gepleşikleriň soňky tapgyrlaryny alyp barýar. Froneri — Nestlé-niň we PAI Partners maýa goýum toparynyň bilelikdäki kärhanasydyr. Froneri eýýäm häzirki wagtda Nestlé degişli bolan birnäçe doňdurma brendlerini, şol sanda Häagen-Dazs we Drumstick ýaly meşhur markalary dolandyrýar.
Çeşmeleriň çaklamasyna görä, boljak şertnamanyň bahasy takmynan 1 mlrd şweýsar frankyna (1,3 mlrd ABŞ dollaryna) deňdir. Aktiwleri Froneri kompaniýasyna geçirmek işiniň geljek ýylyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Nestlé has köp girdeji getirýän we strategik taýdan ähmiýetli ugurlara üns bermegi meýilleşdirýär. Bulara kofe, dürli iýmit önümleri, öý haýwanlary üçin harytlar we tiz taýýarlanýan tagamlar degişlidir.
Doňdurma önümçiliginden ýüz öwrülmeginiň ýene bir sebäbi — bu pudagyň özboluşly kynçylyklarydyr. Hususan-da, satuwlaryň möwsümleýin häsiýeti hem-de doňdurylan önümleri saklamak we daşamak bilen bagly kynçylyklar bu karara gelinmegine esas boldy. 


06.03.2026 15:42
5.1k+

KitKat şokoladdan hakyky ölçegdäki «Formula-1» ulagyny ýasady

Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar...

18.02.2026 18:23
3k+

Çaga iýmiti bilen bagly dawa Nestle-niň paýnamalaryny 8 ýylyň içinde iň pes derejä düşürdi

Nestle kompaniýasynyň paýnamalary soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň pes derejesine çenli peseldi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ertir 19-njy fewralda ýyllyk hasabatyň çap edilýän güni maýadarlar kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan satuwlary dikeltmegiň anyk meýilnamasyny talap etmegi maksat edinýärler...

şu gün 08:33
2.2k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

düýn 21:59
1.8k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....