Alymlar Antarktidanyň buzuny ilkinji gezek Ýeriň gabygyna çenli burawlap, superkontinentiň yzyny tapdylar

  • 18.02.2026 12:01
  • 8.7k+

Halkara alymlar topary Gündogar Antarktidadaky güýçli magnit anomaliýasynyň gelip çykyşyny ilkinji gezek anykladylar. Barlaglar bu hadysanyň takmynan bir milliard ýyl ozal gadymy kontinentleriň çakyşmagy we Rodiniýa superkontinentiniň emele gelmegi bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.
Antarktida takmynan 2,2 kilometr galyňlygyndaky buz gatlagynyň aşagynda gizlenendigi sebäpli, onuň geologik gurluşy şu wagta çenli ýüzleý öwrenilipdi. 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen Russiýa-Hytaý  ekspedisiýasy ilkinji gezek buzy burawlap, Gündogar Antarktidanyň düýp gatlaklaryna ýetmegi başardy.
Alymlar uzynlygy 500 kilometrden gowrak bolan magnit anomaliýasyny öwrendiler. Olar 540 metrden gowrak buzy burawlap, buzlagyň düýbünden dag jynslarynyň nusgalaryny aldylar. Sankt-Peterburgda geçirilen barlaglar (himiki, izotop seljermesi we sirkonlaryň uran-gurşun senelenmesi) arkaly jynslaryň düzümi we ýaşy anyklandy.
Taslamanyň ýolbaşçysy professor German Leýçenkowyň habar bermegine görä, alnan nusgalar mafik granulitleri — ýokary magnit duýgurlygy bolan goýy reňkli kristal jynslary bolup çykdy. Bu jynslar Rodiniýanyň emele gelen döwründe Antarktida birigen gadymy wulkan ýaýynyň bir bölegi bolupdyr.
Ilkinji magma çeşme takmynan 970 million ýyl ozal ýüze çykypdyr, massiw 18 kilometr çuňlukda, 790 gradusa çenli gyzgynlykda iki gezek metamorfizme (gurluş üýtgemesine) sezewar bolupdyr.
Bu alnan maglumatlar Antarktidanyň häzirki zaman geofiziki anomaliýalaryny gadymy kontinentleriň birikme mehanizmleri bilen ilkinji gezek gönüden-göni baglanyşdyrýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....