Alymlar ähli janly-jandardan hem gadymy genleri tapdylar

  • 18.02.2026 07:36
  • 1.8k+

Häzirki zaman organizmleriniň ählisiniň nesil daragty takmynan dört milliard ýyl ozal ýaşan iň irki uniwersal umumy kowumbaşylara baryp direýär. Emma ABŞ-ly alymlar mundan hem aňryk gidip, «uniwersal paraloglar» diýlip atlandyrylýan ýörite genleri öwrendiler.
Paraloglar — bu genomda birnäçe gezek duş gelýän kowumdaş genlerdir. Meselem, ynsanda gemoglobiniň sekiz  dürli geni bolup, olaryň ählisi hem bir gadymy genden gözbaş alýar. Uniwersal paraloglar örän seýrek duş gelse-de, olar tas ähli janly-jandarlarda bar. Bu bolsa, olaryň umumy kowumbaşydan hem öň dörändigini subut edýär.
Barlaglar bu genleriň beloklaryň sintezine we molekulalaryň öýjük membranalaryndan geçişine gatnaşýandygyny görkezdi. Alymlar häzirki zaman beloklaryndan has ýönekeý bolsa-da, membranalara birigip, beloklaryň ornaşmagyna kömek etmäge ukyply iň gadymy beloklaryň biriniň gurluşyny dikeltdiler. Bu iş, iň irki öýjükleriň nähili işländigi barada täze maglumatlary berýär.
Häzirki wagtda barlagçylar täze uniwersal paraloglary tapmak we Ýer ýüzünde ýaşaýşyň nähili dörändigini doly anyklamak üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýärler.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......