Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

  • 16.02.2026 11:25
  • 1.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.
Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Serbiýanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, yzygiderli ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Serbiýanyň Döwlet güni her ýyl 15-nji fewralda bellenilýär we ýurduň taryhynda iki sany möhüm wakany — 1804-nji ýyldaky birinji serb gozgalaňynyň başlangyjyny we 1835-nji ýylda ilkinji demokratik Konstitusiýanyň kabul edilmegini alamatlandyrýar. Bu sene häzirki Serbiýa döwletiniň döremeginde we milli özbaşdaklygynyň berkemeginde taryhy ähmiýete eýedir.


şu gün 07:42
247

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......