Ýewropa Bileleşigi brendlere satylman galan eşikleriň ýoguna ýanmagy gadagan edýär

  • 15.02.2026 18:57
  • 8.8k+

Ýewropa Bileleşiginde kompaniýalara satylmadyk eşikleri, aýakgaplary we beýleki sarp ediş harytlaryny ýok etmegi gadagan edýän täze kadalar giriziler. Täze çäreler, her ýyl Şwesiýanyň umumy zyňyndylaryna deň bolan kömürturşy gazynyň bölünip çykmagynyň öňüni almak üçin 2026-njy ýylyň 19-njy iýulyndan başlap güýje girer diýip, Fashion Network portaly habar berýär.

Ýewropa Komissiýasynyň maglumatlaryna görä, diňeje Germaniýanyň onlaýn söwdasynda her ýyl 20 milliona golaý yzyna gaýtarylan haryt ýok edilýär. Brýusselde biznesiň haryt gorlaryny has netijeli dolandyrmaly diýip hasap edýärler. Şeýlelikde olar harytlary ýok etmegiň deregine ony ikilenç satmak, täzeden işlemek, haýyr-sahawat hökmünde bermek, gaýtadan ulanyşa goýbermek ýaly alternatiw usullary ulanýarlar.
Täze kadalaryň maksady galyndylaryň möçberini azaltmak, ekologiýa ýetirilýän zyýany peseltmek we durnukly biznes modellerini ulanýan kompaniýalar üçin deň şertleri döretmek bolup durýar. Munda, elbetde zeper ýeten harytlar üçin kadadan çykmalar hem göz öňünde tutulandyr.
Şonuň ýaly-da, 2030-njy ýyldan başlap, kompaniýalar ýok edilen satylmadyk sarp ediş harytlarynyň mukdary baradaky maglumatlary aýan etmäge borçly ediler. Ýewropada her ýyl satylmadyk matalaryň 4% - 9% aralygyndaky böleginiň entek ulanylmanka ýok edilýändigi bellenilýär. Munuň netijesinde takmynan 5,6 million tonna CO₂ zyňyndysy emele gelýär. Bu bolsa Şwesiýanyň 2021-nji ýyldaky jemi zyňyndylarynyň derejesine diýen ýaly deňdir.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....