Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

  • 15.02.2026 17:03
  • 1.9k+

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär.
Roman ilkinji gezek 1952-nji ýylda «Utopiýa 14» ady bilen neşir edilipdi. Eserdäki wakalar alternatiw 1950-nji ýyllarda bolup geçýär we antiutopik dünýäni suratlandyrýar. Onda dünýäde ýola goýulýan awtomatizasiýa adamlary iş ýerlerinden gysyp çykarýar we sosial bölünişige sebäp bolýar. Jemgyýet ikä bölünip, adamlaryň aglabasy robotlar arkaly ýurtlary dolandyrýan menejerler sebäpli işsiz galýarlar. Netijede baş gahryman ýa-ha ýagdaýyň içine siňip, işiňi dowam etdirmeli ýa-da adamzadyň geljeginiň hatyrasyna oňa garşy çykmaly diýen aňsat bolmadyk saýlawyň öňünde galýar.
«Häzirki wagtda ekrana geçirmek üçin mundan has wajyp hem döwrebap kyssa ýok» — diýip, Morano belleýär. Ol Wonnegutyň romanynyň, aýratyn-da emeli aňyň ynsan zähmetiniň gymmaty baradaky düşünjelere has ýiti täsir edýän häzirki şertlerinde örän möhümdigini ýatladýar. 


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....