Ilon Mask özüniň X (ozalky Twitter) sosial ulgamynyň bir bölegine öwrüljek X Money atly täze maliýe platformasyny hödürledi. Bu taslama telekeçiniň ozal hem aýdyp geçişi ýaly, ähli hyzmatlary özünde jemleýän "super-app" (super goşundy) döretmek strategiýasynyň iň möhüm bölegi hasaplanýar.
Maskyň sözlerine görä, täze hyzmat häzirki wagtda kompaniýanyň içinde ýapyk synag tertibinde işläp başlady. Bir-iki aýyň dowamynda çäkli sanly daşarky ulanyjylar üçin "beta" synaglary başlar. Synaglardan soň, X Money dünýäniň ähli künjeklerindäki X ulanyjylary üçin elýeterli bolar.
Ilon Mask bu hyzmatyň maliýe dünýäsinde "oýnuň düzgünlerini üýtgetjekdigini" nygtady:
"X Money hakykatdan hem ähli pullaryň saklanýan we ähli maliýe amallarynyň (tranzaksiýalaryň) merkezi çeşmesine öwrülmelidir".
X Money-niň nähili işlejekdigi barada ähli jikme-jiklikler heniz mälim edilmedi, ýöne käbir möhüm zatlar belli: ulanyjylar programmanyň içinden çykman, göni sosial ulgamynda söwda edip we pul serişdelerini biri-birine iberip bilerler.
Taslama eýýäm ABŞ-nyň 40-dan gowrak ştatynda maliýe amallaryny geçirmek üçin zerur lisenziýalary aldy. Kompaniýa ozal Visa ýaly ägirt töleg ulgamlary bilen strategik hyzmatdaşlyklaryny yglan edipdi.
Kriptowalýutalaryň ulanylyp-ulanylmazlygy baradaky çaklamalar heniz resmi taýdan tassyklanmady.