Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi

  • 14.02.2026 23:20
  • 36k+

General-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi. Degişli Permanlara Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Wezipä täze bellenen D.Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.
Döwlet Baştutany ministrligiň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bu düzümiň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....