Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler

  • 14.02.2026 14:54
  • 4.5k+

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, nahal ekmegiň möçberleri aşakdaky ýaly paýlanyldy:

  • Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, şeýle hem beýleki edaralar — 1,5 million düýp nahal;
  • Welaýatlaryň häkimlikleri — 1,5 million düýp nahal.

Karar miweli bag we üzüm nahallaryny ýörite kesgitlenen ýer böleklerinde olaryň görnüş aýratynlyklaryna görä ekmegi göz öňünde tutýar. Ekilen nahallara ideg etmek üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ulanylmagy hökmany şert hökmünde bellenildi.
Daşky gurşawy goramak ministrligi işleri utgaşdyrmak we hile gözegçilik etmek boýunça jogapkär edara diýlip bellenildi. Bu ministrlige edara-kärhanalary ýeterlik mukdarda üzüm we üç ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek tabşyryldy.
Ýatladyp geçsek, hökümet mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany Daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze ýolbaşçysyny hem wezipä belledi.


şu gün 22:17
60

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

şu gün 19:20
1.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......