ABŞ-ly figuraçy Olimpiada-2026-da 50 ýyllap gadagan bolan saltony ýerine ýetirip, toparyna ýeňiş getirdi

  • 10.02.2026 21:40
  • 12k+

Milandaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiada oýunlarynda 21 ýaşly amerikaly figuraçy typyjy Ilýa Malinin ýaryşyň çäklerinde ýarym asyrlap gadagan edilen yza tarap saltony ilkinji gezek kanuny esasda ýerine ýetirip, taryha girdi. Uzak ýyllaryň dowamynda aşa töwekgelçilikli hasaplanan bu tilsim diňe 2024-nji ýylda Halkara konkiçiler birleşigi tarapyndan resmi taýdan rugsat edilipdi.
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň toparlaýyn ýaryşynda Malinin ilki gysga programmada salto edip, iki aýagynyň üstüne düşüp görkezdi, soňra bolsa erkin programmada ýumşy has-da kynlaşdyryp, bir aýagynyň üstüne düşdi. Bu çykyş ABŞ-nyň ýygyndysynyň ýeňiş gazanmagynda aýgytly goşant boldy. Dartgynly geçen bäsleşikde amerikan topary Ýaponiýanyň ýygyndysyndan bary-ýogy bir utuk tapawut bilen öňe saýlanyp, altyn medal gazandy.

Olimpiadada yza tarap salto ilkinji gezek 1976-njy ýylda ýerine ýetirildi, şondan soň ol gadagan edildi. 1998-nji ýylda fransiýaly figuraçy Suriýa Bonali bu tilsimi gaýtalamaga töwekgelçilik etdi, ýöne şonda bu hereket düzgün bozma hökmünde hasaplandy.
Malinin eýýäm köpden bäri dünýäniň tehniki taýdan iň ezber figuraçylarynyň biri hasaplanýar. Ol taryhda ilkinji bolup ýaryşlarda dörtleme akselini arassa ýerine ýetirdi we bir ýaryş programmasynda ýedi sany dört aýlawly bökmäni üstünlikli amala aşyran ýeke-täk türgen bolmagynda galýar. Onuň uly sportdaky ýolunda maşgalasy möhüm orun eýeleýär: onuň ejesi Tatýana Malinina we kakasy Roman Skornýakow hem figuraçy bolan. 
Amerikan türgeniniň eden «hokgasyna» hatda tribunada ýaryşy synlap oturan dünýä belli serb tennisçisi Nowak Jokowiçi hem haýran galdyrdy. Onuň saltony görüp, kellesini tutup oturşynyň wideosy sosial torlarda giňden ýaýrady.


düýn 23:43
3.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....