«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler

  • 09.02.2026 17:54
  • 21k+

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlym merkezinde «“Arkadag” futbol kluby – türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly media-forum öz işine başlady. Çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan abraýly sport hünärmenleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşýar. Forumda esasy üns ýurduň çempionynyň üstünligine we AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäklerinde «Al-Nasr» saud klubuna garşy oýna taýýarlyk işlerine gönükdirildi.
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriljek bu oýun eýýäm uly gyzyklanma döretdi. Ilkinji gezek Türkmenistana Aziýa futbolynyň düzüminde meşhur futbolçylar, şol sanda Kriştianu Ronaldu bolan öňdebaryjy klublarynyň biri geler.
2023-nji ýylda esaslandyrylan türkmen kluby üçin bu duşuşyk okgunly ösüşiň nobatdaky tapgyrydyr. Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky «Arkadag» topary eýýäm iki gezek ýurduň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy, 2025-nji ýylda bolsa halkara derejesindäki kubogy — AFK-nyň Çagyryş kubogyny gazandy.
Forumyň dowamynda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew Aziýanyň futbol konfederasiýasy we «Asia Football Group» kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, tomaşaçylaryň bu oýna dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa edip biljekdigini aýtdy. Göni ýaýlym hukugyny 39 sany media-ulgam satyn aldy.
Şeýle-de, stadionda oýun 14 kameranyň ulanylmagy bilen düşüriler, işi bolsa 220-den gowrak hünärmen üpjün eder. Bökdençsiz signal «TürkmenÄlem 52°E» we «Eutelsat» hemralaryna gönükdirilen göçme hemra aragatnaşyk stansiýalary arkaly amala aşyrylar. Stadionda oýna türkmen we iňlis dillerinde teswir berler.


düýn 22:47
1.2k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.6k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......