NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi

  • 07.02.2026 14:13
  • 2.1k+

NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi.

Smartfonlar surata düşürmek, uçuşlary resmileşdirmek we şahsy pursatlary ýazga geçirmek üçin ulanylar. Bu bolsa öňki resmi hasabatlara girmedik has özboluşly kadrlary görmäge mümkinçilik berer.

"Biz ekipažlarymyza aýratyn pursatlary surata düşürmäge we ylham beriji suratdyr wideolary bütin dünýä bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýän enjamlary bereris" diýip, Aýzekman X (öňki Twitter) jemgyýetçilik torunda ýazdy.

iPhone smartfonlaryny Artemis maksatnamasynyň çäginde Aýyň daşyndan aýlanjak missiýa gatnaşyjylar, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) guraljak ýakyn missiýalaryň ekipažy ýany bilen alarlar. Şu wagta çenli astronawtlar uçuşlarda diňe ýörite sertifisirlenen kameralary, noutbuklary we tehniki enjamlary ulanýardylar, emma smartfonlara rugsat ýokdy.
NASA bu ýerde diňe iPhone bilen çäklenilmejekdigini nygtaýar. Geljekde agentlik beýleki öndürijileriň ykjam enjamlaryny hem sertifikasiýadan geçirmegi mümkin hasaplaýar.
Şeýle hem agentlik Artemis II missiýasynyň möhletine düzediş girizdi. Aýa tarap amala aşyryljak adamly uçuş, taýýarlyk wagtynda ýüze çykan tehniki meseleler sebäpli, howpsuzlyk maksady bilen fewral aýyndan mart aýyna süýşürildi.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......