Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

  • 07.02.2026 12:51
  • 1.3k+

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär.
Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar. Bu görkeziji geçen ýylky garaşylan derejeden (takmynan 91–93 milliard dollar) tas iki esse köpdür.
Maýa goýumlarynyň artmagy mahabatdan we bulut hyzmatlaryndan gelýän ýokary girdejiler, şeýle hem hasaplaýyş kuwwatlyklaryna bolan islegiň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Dördünji çärýekde Google-yň düýpli çykdajylary 27,9 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden iki esse diýen ýaly köpdür. Ýylyň netijeleri boýunça olar 91,4 milliard dollar boldy. Alphabet taryhynda ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň 400 milliard dollardan geçendigi barada hasabat berdi.
Kompaniýa Gemini-niň täze nusgalaryny tanyşdyrmak we öz ýöriteleşdirilen çiplerini ulanmak arkaly EA ugruny işjeň ösdürýär. Google-yň baş direktory Sundar Piçaý emeli aňa goýlan maýa goýumlarynyň eýýäm peýdanyň ep-esli artmagyna getirendigini aýtdy we munuň uzakmöhletleýin dowam etjekdigine ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, Google DeepMind çözgütlerine we bulut tehnologiýalaryna bolan isleg beýleki elýeterli kuwwatlyklardan has ýokarydyr.
Çaklamalaryň çap edilmeginden soň Google-yň aksiýalary ilki 7%-e çenli peseldi, biraz wagtdan soň bolsa gaýtadan dikeldi. Maýadarlar çykdajylaryň örän çalt artmagy sebäpli EA bazarynyň çendenaşa «gyzmak» ähtimallygyny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Birža seljerijileri şeýle ýagdaýa dekabr aýynda garaşypdylar. Olaryň pikiriçe, 2026-njy ýylda maýadarlar EA tehnologiýalary bilen baglanyşykly kompaniýalaryň aksiýalaryna bolan işjeňligini peseldip bilerler. Tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin çendenaşa uly çykdajylar edilse-de, olaryň peýdalanylýan ugurlary häzirlikde çäkliligine galýar. Şonuň bilen birlikde sarp edijileriň geljekde bu hyzmatlar üçin tölejekleri-tölemejekdikleri-de gümana.


26.02.2026 09:36
1.9k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

24.02.2026 09:46
1.6k+

Google Newadadaky maglumat merkezlerini 15 ýyllap geotermal energiýa bilen üpjün eder

Google kompaniýasy Newada ştatyndaky maglumat merkezleriniň (data-center) işini üpjün etmek üçin kuwwaty 150 MWt çenli bolan geotermal energiýany satyn almak barada 15 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ylalaşyk Berkshire Hathaway-iň düzümine girýän NV Energy jemgyýetçilik hyzmaty we geotermal energetika pudagynda işleýän Ormat kompaniýasy bilen baglaşyldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

12.02.2026 17:27
1k+

ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär

ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr...