Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

  • 06.02.2026 16:41
  • 2.4k+

2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi. UNFPA-nyň (BMG-niň Ilat gaznasy) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan bu çäre lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ene bilen çaganyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin pudagara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirildi.
Okuw maslahaty hünärmenler toparyny: Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerini, degişli lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryny, şeýle hem Aşgabatdan, Arkadag şäherinden we ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen akuşer-ginekologlary, reproduktologlary we ftiziatrlary bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar göwreli aýallarda inçekeseli anyklaýyş we bejermek boýunça halkara protokollaryny, inçekesele garşy döwrebap derman serişdeleriniň ulanylyşyny, çaga dogurtmagyň usullaryny hem-de ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň protokollaryny öwrendi.
Hünärmenler degişli lukmançylyk gulluklarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini amaly taýdan kämilleşdirmäge aýratyn üns berdi. Bu hereketler ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini standartlaşdyrmaga we milli hem sebit derejelerinde enäniň we çaganyň saglyk görkezijilerini ep-esli gowulandyrmaga gönükdirilendir. 


09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....