Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar

  • 06.02.2026 15:57
  • 2.8k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamanyň çäklerinde dört ders: matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler.
Guramaçylar bu taslamanyň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge we döredijilik işine höweslendirmäge däl-de, eýsem ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendigini nygtaýar.
Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry aprel aýynyň başynda başlar: 1-nji aprelde matematika, 2-nji aprelde fizika, 3-nji aprelde himiýa we 4-nji aprelde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler. Ikinji tapgyr 29-njy aprele meýilleşdirildi. Ähli bäsleşikler döwlet dilinde şahsy bäsleşik tertibinde geçiriler. Baýrakly orunlary eýelän ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Olimpiadalara Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynyň gutardyş synp okuwçylary çagyrylýar.
Hasaba alynmak üçin gatnaşyjylar doldurylan formany 25-nji marta çenli şu salgy 
tdbgiobolymp@gmail.com boýunça guramaçylyk komitetine ibermelidir. Bäsleşikleriň düzgünnamasy we goşmaça maglumatlar bilen institutyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz. 


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......