Apple abatlanan iPhone 16 modellerini satuwa çykardy, üstesine kepillik hem berýär

  • 06.02.2026 12:03
  • 3.1k+

​Apple kompaniýasy iPhone 16 seriýasynyň ähli modelleriniň sertifikasiýalaşdyrylan abatlanan görnüşlerini satyp başlady. Enjamlar modeline görä 12% - 22% aralygynda arzan satylýar. Ozal önümçiligi bes edilen iPhone 16 Pro we 16 Pro Max modelleri üçin hödürlenýän bahalar aýratyn amatly görünýär.

​Dikeldilen modelleriň bahalary:

  • ​iPhone 16 — 619 dollar (täzesi 699 dollar, satuwa çykan wagty bolsa 799 dollardy);
  • ​iPhone 16 Plus — 699 dollar (täzesi 799 dollar, başlangyç bahasy 899 dollardy);
  • ​iPhone 16 Pro — 759 dollar (satuwa çykan wagty 999 dollardy);
  • ​iPhone 16 Pro Max — 929 dollar (satuwa çykan wagty 1199 dollardy).

​Resmi taýdan abatlanan iPhone-yň bahasy enjamyň täzesinden känbir tapawutlanmaýar diýen ýaly. Apple-iň maksatnamasyna täze akkumulýator goýmak we daşky korpusyny çalyşmak işleri girýär. Smartfonlar doly synagdan geçirilýär we arassalanýar, şeýle hem resmi gutuda täze USB-C kabeli bilen bilelikde hödürlenýär. Bu enjamlara öndürijiniň standart bir ýyllyk kepillendirmesi degişlidir, mundan başga-da AppleCare+ giňeldilen ätiýaçlandyryşyny hem satyn alyp bolýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....