Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar

  • 05.02.2026 19:23
  • 6.1k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy Italiýanyň Gallarate, Busto-Arsisio, Lenýano, Saronno, Sewezo, Dezio, Monsa we Komo ýaly şäherlerinden geçdi.

Alaw göterijileriň arasynda diňe bir sport ýyldyzlary däl, eýsem şou-biznesiň meşhur adamlary hem bar: reper Snup Dog, NBC üçin reportažlar taýýarlan we ýapylyş dabarasyna gatnaşan Pariždäki tejribesini gaýtalap, ýene-de fakel göterdi. 2026-njy ýylyň Oýunlarynda ol alyp baryjy Maýk Tiriko bilen bilelikde ýaryşlary beýan eder.
Futbol tälimçisi Sesk Fabregas alaw bilen Komo şäheriniň köçelerinden ýöredi. Ol 2023-nji ýylyň tomsunda oýunçy karyerasyny tamamlandan soň, 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerli klubuň baş tälimçisi bolup işleýär.
Fakeli Afinadan Rime çenli dünýäniň sekizinji raketkasy, tennisçi Žasmin Paolini getirdi. Alawy götermäge şeýle hem Zlatan Ibragimowiç ("Milan" klubunyň öňki futbolçysy), Hawýer Sanetti ("Interiň" öňki oýunçysy), Gregorio Paltrinýeri (suwda ýüzüji), Janmarko Tamberi (beýiklige böküji), Matteo Berrettini (tennisçi), Filippo Indzagi we Fabio Kannawaro (Italiýanyň düzüminde dünýä çempionlary), Federiko Pellegrino (lyžaçy), Karolina Kostner (figuristka), Massimiliano Allegri ("Milan" futbol klubunyň baş tälimçisi), Stefano Domenikali ("Formula-1-iň" baş direktory), Nadýa Battokletti (ýeňil atletikaçy), Flawiýa Pennetta we Françeska Skýawone (tennisçiler) gatnaşdy. Şeýle hem estafeta aýdymçy Al Bano we aktýor Jeki Çan gatnaşdy.
Alaw bir wagtyň özünde iki şähere — Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerine eltiler. Ol ýerde awiasiýa alýuminiýinden ýasalan we gorag aýnaly ýörite okaralar goýuldy. Açylyş dabarasynyň esasy fakel göterijileri italiýaly dag lyžaçylary Debora Kompanýoni we Alberto Tomba bolar.
Oýunlar 6-njy fewralda başlaýar we 22-nji fewrala çenli dowam eder.


düýn 20:10
5.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......