Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

  • 05.02.2026 13:45
  • 2.7k+

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, esasy ösüş AT&T, T-Mobile we Verizon ýaly operatorlaryň marketing goldawy bilen iPhone 16e we 17 modelleriniň hasabyna gazanyldy. Operator ulgamlarynda iň meşhur smartfon iPhone 17 Pro Max boldy, iPhone 16e bolsa öňünden tölegli tarif segmentinde öňdebaryjy boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Samsung kompaniýasynyň paýy bu döwürde 18%-den 13%-e çenli azaldy.
Ortaça baha aralygynda (300–600 dollar) satuwyň 27% ösüşi hasaba alyndy. Bu ýerde Apple we Google öz orunlaryny berkidip, Samsung we Motorola kompaniýalaryny yza galdyrdy. Arzan bahaly (300 dollara çenli) segmentde satuw 7 göterim peseldi. Bu ýerde täze lider Motorola boldy. Kompaniýanyň Moto G Play 2026 we Moto G 5G 2026 modelleri Samsung-yň hödürleýän önümlerinden öňe geçdi.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda dünýäde ýat çipleriniň ýetmezçilik etmegi smartfonlaryň özüne düşýän gymmatyny 15%-den gowrak artdyryp biler. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, arzan bahaly enjamlara täsir eder, sebäbi öndürijiler maržanyň gutarmagy sebäpli, artýan çykdajylary sarp edijileriň hasabyna ýapmaly bolar.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 07:51
2.1k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......