Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär

  • 05.02.2026 09:43
  • 2.2k+

Bosch kompaniýasy ýyllyk girdejisiniň iki esse peselmegi sebäpli Germaniýada 20 müň işgärini boşadar. Bu barada Politico  gazeti kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Şeýle karara ýurtdaky soňky 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten işsizligiň esasynda gelinendigi aýdylýar. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda işsizleriň sany 3 milliondan gowrak raýaty öz içine aldy.
Kompaniýa iş ştatlaryny tertipleşdirmek baradaky meýilnamalaryny tassyklady. Bosch-uň baş direktory Stefan Hartung 2025-nji ýyly kärhana üçin çylşyrymly döwür bolandygyny aýdyp, ýagdaýy: «Ykdysady hakykat biziň netijelerimizde hem görnüp dur» diýip, bir jümlede gönümel suratlandyrdy.
Mundan ozal, geçen ýylyň aprel aýynda Bosch-uň ýolbaşçy düzümi 2026-njy ýylyň ahyryna çenli iki sany zawody ýapjakdygyny yglan edipdi. Gürrüň Saksoniýadaky (Zebnis şäheri) we Baden-Wýurtemberg federal ştatyndaky (Laýnfelden-Ehterdingen) kärhanalar barada barýar.
Munuň bilen bir wagtda, pudagyň beýleki wekilleri hem maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler. Hususan-da, Financial Times gazeti dekabr aýynda Volkswagen konserniniň 88 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Germaniýanyň çägindäki zawodlarynyň birini ýapmak niýetiniň bardygyny habar beripdi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......