Tesla-nyň sürüjisiz taksileri adaty sürüjilerden has köp heläkçilige uçraýar

  • şu gün 12:58
  • 875

Ostin şäherinde (ABŞ) Tesla kompaniýasynyň sürüjisiz taksileri ulagy hakyky adamyň dolandyrýan ýagdaýlary bilen deňeşdirilende has ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär.

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli müdirliginiň (NHTSA) maglumatlaryna görä, geçen ýylyň iýul-noýabr aýlary aralygynda robotaksiler parky takmynan 805 müň kilometr ýol geçip, şol döwürde 9 sany heläkçiligi hasaba aldy.
Edaranyň statistikasy awtonom ulaglaryň gatnaşmagyndaky wakalaryň ortaça her 88,5 müň kilometrden bir gezek bolup geçýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ulagyň salonynda gözegçilik edýän operatoryň bolmagyna garamazdan ýüze çykýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, adaty sürüjilerde agyr ýol heläkçilikleri ortaça her 800 müň kilometrde bir gezek, islendik derejedäki hadysalar bolsa her 320 müň kilometrde bir gezek hasaba alynýar.
Tesla ulaglary bilen bagly hasaba alnan hadysalar ujypsyzja hasaplanyp, olar agyr netijelere getirmedi. Şuna meňzeş derňewler beýleki kompaniýalara hem degişlidir. Mysal üçin, ýakynda Waymo kompaniýasynyň sürüjisiz ulagy bir çagany kakdy. Şeýle-de bolsa, Waymo-nyň wekilleri awtomatikanyň duýdansyz dörän päsgelçiliklere adama garaganda has çalt täsir edýändigini öňe sürýärler.


düýn 21:50
1.5k+

Xiaomi SU7 Ultra ulaglaryndan bir aýda bary-ýogy 45 sanysy satyldy. Öň 3000 satylýardy

CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, Xiaomi SU7 Ultra elektromobiliniň iň güýçli görnüşine bolan isleg aýda 3000 bolanlygyndan dekabr aýynda bary-ýogy 45-e çenli azaldy. 2025-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda bu modeliň her aýda 2,4 müňden 3,1 müňe çenlisi satyldy...

31.01.2026 13:40
2.2k+

Tesla ilkinji gezek ýyllyk girdejisiniň peselendigini hasaba aldy

2025-nji ýylda Tesla kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek umumy ýyllyk girdejisiniň 3% peselendigini hasaba aldy — öndürijiniň çärýekleýin hasabat resminamalaryna görä, ol 94,8 mlrd dollara barabar boldy. Awtomobil segmentindäki oňyn däl dinamikanyň (girdejiler 10% peselip, 69,5 mlrd dollara düşdi) energetika ugrunyň we hyzmatlar edarasynyň görkezijileriniň ösmegi netijesinde bölekleýin öwezi dolundy...

31.01.2026 11:47
1.8k+

Tesla iki elektromobiliniň deregine adamşekilli robotlary çykarar

Tesla kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Model S we Model X elektromobillerini öndürmegi bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen telefon arkaly maslahatda aýtdy diýip, CNN habar berýär...

28.01.2026 16:39
3k+

Ýewropa Bileleşiginde ilkinji gezek elektromobiller benzin ulaglaryndan köp satyldy

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektromobil satuwy ilkinji gezek benzin hereketlendirijisi bolan awtomobilleriň satuwyndan ýokary boldy. Şeýle maglumatlary Ýewropanyň awtomobil öndürijiler assosiasiýasy (ACEA) hödürleýär diýip, Reuters agentligi habar berýär...