Altyn bilen kümüş birden arzanlady

  • 31.01.2026 03:24
  • 14k+

Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy.
Altynyň bahasy 6% arzanlap, bir unsiýa üçin 5 000 dollara çenli düşdi, kümüş bolsa 15% (97 dollara çenli) gymmatyny ýitirdi. Platinanyň bahasy hem 10%-den gowrak peseldi. Şunuň bilen baglylykda, dollaryň indeksi 0,5% ýokarlanyp, bu bolsa metallary beýleki walýuta bilen satyn aljaklar üçin has gymmat etdi.
Kewin Uorş öňden berk pul-karz syýasatynyň tarapdary hökmünde tanalýan hem bolsa-da, soňky aýlarda ol göterim mukdaryny peseltmegi goldap, bu meselede Trampyň garaýyşlaryna ýakynlaşdy.
Seljerijileriň bellemegine görä, bazar aşa «gyzyşypdy» we peýdasyny berkitmek üçin häki bir sebäbe garaşýardy. Altynyň otnositel güýç indeksi ýakynda 90 derejesine — soňky onlarça ýylyň iň ýokary görkezijisine ýetipdi, bu bolsa bazarda aşa köp satyn almalaryň bolandygyny aňladýardy.
«OCBC» strategi Kristofer Wong bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: «Bu hereket „tiz uçan — tiz gaçar“ diýen düzgüni tassyklaýar».
Anna güni bolan arzanlaşyklara garamazdan, geosyýasy durnuksyzlygyň täsiri bilen ýanwar aýy gymmat bahaly metallar üçin örän gowy aý boldy. Ýylyň başyndan bäri altynyň bahasy takmynan 17%, kümşüň bahasy bolsa 43% ýokarlandy.


düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......