BMW fewral aýyndan başlap ähli modelleriniň nyşanyny täzelär

  • 02.02.2026 02:22
  • 6.9k+

Fewral aýyndan başlap BMW awtokonserni, hereketlendirijiniň görnüşine garamazdan, ähli modellerinde täzelenen nyşany ulanar.
Berlen maglumatlara görä, täze dizaýnda içki hrom halkadan we reňkli bölekleriň gyrasyndaky germewlerden ýüz öwrüldi. Bawariýanyň baýdagynyň gök we ak reňkleri has doýgunlaşdy, gara reňkli halka bolsa öňki ýalpyldawuk görnüşiň deregine öwüşginsiz boldy.
Mundan ozal gibrid we elektrik modeller açyk gök reňkli daşky halkasy bilen tapawutlandyrylýardy, ýöne öndüriji indi bu tapawutlandyrmadan hem ýüz öwürmek kararyna geldi.
Üýtgedilen logotip ilkinji gezek 2026-njy model ýylynyň iX3 krossowerinde görkezildi. Brendiň wekilleri 51145A7A678 katalog belgili bu täze nyşanyň öňki ýyllarda öndürilen awtomobillere laýyk gelmezliginiň mümkindigini duýdurýar. Mälim bolşuna görä, täze logotip ulaglaryň kapotynda peýda bolar, ýöne onuň bagaž ýerinde, rulda we tigirleriň ortasynda ulanyljakdygy entek resmi taýdan tassyklanmady.
Şeýle-de, «M» seriýasynyň hem täzelenen nyşana geçiriljekdigi yglan edildi. Logotipiň nähili görnüşde boljakdygy häzirlikçe belli däl, ýöne onuň hem has «tekiz» dizaýna eýe bolmagy mümkin.

 

 


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....