Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

  • 01.02.2026 23:17
  • 18k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasyndaky duşuşyk barada barýar, diýip «Watan» habarlar gepleşiginde aýtdylar.
Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada iň uly hasaplanýan 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynyň mümkinçiliklerini, meýdançanyň ýagdaýyny, tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary hem-de türgenler we tälimçiler üçin döredilen şertleri gözden geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli desgalaryň halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini we ýaryşyň guramaçylyk meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady.
Bäsleşigiň nyşanlaryna hem aýratyn üns berildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan alabaýyň şekiliniň bu gezekki halkara futbol ýaryşy üçin hem emblema hökmünde saýlanyp alynmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň halkara standartlaryna doly laýyk gelýändigi, türgenleşikler we oýunlar üçin ähli şertleriň bardygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oýun geçirilmeýän wagtlarynda meýdançadaky ot ýörite gorag örtügi bilen örtülýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýaryşyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmeginiň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara duşuşygyň ýurdumyzyň sport abraýy üçin ähmiýetiniň uludygyny belläp, taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Ýatladyp geçsek, «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasyndaky birinji duşuşyk Aşgabatda 11-nji fewralda geçiriler, oýun 18:45-de başlar. Jogap duşuşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde bir hepde soň, 18-nji fewralda geçer, oýun 23:15-de başlar.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....