Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy

  • 01.02.2026 22:16
  • 2.7k+

Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy.
Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy. Ozal bu rekord onuň watandaşy Rafael Nadala degişlidi — ol 2010-njy ýylda US Open-iň finalynda Jokowiçi utup, 24 ýaşynda «Karýera tuwulgasyny» alypdy. Indi ýaş ispaniýaly tennisçiniň hasabynda dört «Uly tuwulga» ýaryşynyň ählisinde-de ýeňiş bar.

Alkaras ozal «Rolan Garros» (2024, 2025), «Wimbledon» (2023, 2024) we US Open (2022, 2025) ýaryşlarynyň her birinde iki gezekden ýeňiş gazanypdy. Üstesine-de, «Wimbledonyň» iki finalynda-da ol Jokowiçi utdy. Indi olaryň özara duşuşyklarynyň hasaby deňleşdi: 5-5. Awstraliýada Alkaras ilkinji gezek finala gatnaşdy, ozal dörtden bir finaldan aňry geçmändi.
38 ýaşly Nowak Jokowiç 24 titul bilen «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň rekord eýesidir. Ol bu ýaryşlarda özüniň soňky ýeňşini 2023-nji ýylda US Open-iň finalynda russiýaly Daniil Medwedewi utup gazandy. Şeýle-de, serbiýaly türgen ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýedi gezek ýeňijisi we 2010-njy ýylyň Dewis Kubogynyň eýesidir. 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiadanyň finalynda Jokowiç Alkarasy utdy.
Australian Open möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşydyr. Ýeňşi üçin Alkaras 2,89 mln dollar, Jokowiç bolsa finalçy hökmünde 1,4 mln dollar alar.
Ýatlap geçsek, zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakina ýeňiji boldy. Ol finalda belarusly Arina Sobolenkony utdy.


şu gün 11:31
1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......