Reincubate kompaniýasy Apple-i web-kamera funksiýany ogurlamakda aýyplady

  • 01.02.2026 16:12
  • 1.8k+

Britaniýanyň Reincubate kompaniýasy Apple garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Ol korporasiýany patent hukuklaryny bozmakda we smartfony web-kamera hökmünde ulanmak tehnologiýasyny göçürmekde aýyplaýar.
Şikaýatçy tarapyň tassyklamagyna görä, Apple 2022-nji ýylda durmuşa geçiren «Continuity Camera» funksiýasyny Reincubate tarapyndan 2020-nji ýylda çykarylan «Camo» goşundysynyň işläp taýýarlamalaryna esaslanyp döredipdir.
Şikaýatda Apple-iň işgärleriniň «Camo» goşundysyny işjeň ulanandyklary, tehniki maglumatlary sorap alandyklary we taslamanyň ösmegine itergi berendikleri-de görkezilýär. Emma soňra Apple meňzeş funksiýalary öz ulgamynda ornaşdyryp, üçünji taraplaýyn programma üpjünçilikleri üçin sazlaşyklylygy çäklendiripdir. Muňa garamazdan, amerikan kompaniýasynyň wekilleri bu tehnologiýany öz içki işläp taýýarlamasy hasaplaýar.
«Şeýlelikde Reincubate kompaniýasyndan çetleşen bolup, goşmaça sazlaşyklylygyň öňüni ýapan Apple ýönekeýje ýol bilen «Camo» funksiýalaryny milliardlarça iPhone, Mac, iPad, telewizor we beýleki enjamlara ornaşdyrdy» diýip, Reincubate-iň baş direktory Eýdan Fitspatrik öz arz etmekleriniň sebäbini düşündirýär.
Eger Reincubate kazyýet derňewinde ýeňiş gazansa, ol Apple-den kompensasiýa tölegini alyp biler.


düýn 14:20
2.6k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......