World Population Review portaly ýylyň netijeleri boýunça dünýä ýurtlarynyň iň lezzetli we iň datsyz milli aşhanalarynyň reýtingini çap etdi. Bu gezek datly tagamyň muşdaklarynyň sanawynda Gresiýa birinji orna çykdy.
Reýting dünýäniň 99 ýurdunyň milli tagamlary baradaky 400 müňe golaý şahsy synlara esaslanyp düzüldi. Her ýurda 0-dan 5-e çenli bal boýunça 2025-nji ýyl üçin jemleýji baha berildi.
Gresiýa 4,6 bal toplap, geçen ýylky lider bolan Italiýany bary-ýogy 0,01 bal bilen yzda galdyrdy.
- Gresiýa — 4,6 bal
- Italiýa — 4,59 bal
- Meksika — 4,52 bal
- Türkiýe — 4,5 bal
- Ispaniýa — 4,5 bal
Bellenilişi ýaly, ilkinji onlugyň düzümi düýpli üýtgemedi, ýurtlar diňe özara orunlaryny çalyşdylar.
Geň ýeri, reýtingi düzenler gazak we ermeni aşhanalaryndan o diýen kanagatlanmandyrlar. Bu ýurtlar 3,9 bal bilen degişlilikde 92-nji we 93-nji orunlary eýelediler.
Sanawyň iň soňky, ýagny 99-njy ornunda 3,86 ortaça bal bilen Nikaragua ýerleşdi. Ondan birneme ýokarda bolsa Laos, Boliwiýa we Nigeriýa (hersine 3,88 bal) ýerleşýärler.