Ýekeje oýnuň hatyrasyna: Klopp «Liwerpula» dolanýar

  • 30.01.2026 15:40
  • 9.3k+

Ýurgen Klopp «Liwerpuldan» gideli bäri ilkinji gezek tälimçi hökmünde Enfild stadionyna dolanar. Emma bu diňe bir gezeklik oýun bolar, özem resmi ýaryşlaryň çägine girmez.
Liverpoolecho neşiriniň habar bermegine görä, mersisaýdlylaryň öňki baş tälimçisi 28-nji martda geçiriljek «Liwerpul» bilen Dortmundly «Borussiýanyň» ýyldyzlarynyň oýnuna gatnaşar.
Enfild stadionynda geçiriljek duşuşyk haýyr-sahawat maksatlary bilen gurnalýar. Ýygnalan ähli serişdeler «LFC Foundation» gaznasyna we «Forever Reds» taslamasyna ugradylar.
Bu duşuşykda «Liwerpulyň» meşhur futbolçylaryna Stiwen Jerrard ýolbaşçylyk eder. Ýurgen Klopp bolsa Kenni Dalgliş bilen birlikde tälimçiler düzümine girer.
Häzirki wagtda Klopp «Red Bull» ulgamynda futbol ugrunyň global ýolbaşçysy wezipesini eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde-de ol «Liwerpul» bilen gatnaşygyny kesmeýär: nemes hünärmeni «LFC Foundation» gaznasynyň hormatly ilçisi bolup durýar we klubuň haýyr-sahawat başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Geçen ýyl ol Liwerpul ybadathanasynda geçirilen gaznanyň dabaraly agşamyna-da gatnaşypdy.
Garşydaş hökmünde saýlanyp alnan topar hem bu oýna goşmaça ähmiýet berýär. Klopp 2008–2015-nji ýyllar aralygynda «Borussiýanyň» baş tälimçisi bolupdy. Şol döwürde topar iki gezek Bundesligada we iki gezek Germaniýanyň Kubogynda ýeňiş gazandy, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň hataryna dolandy.


düýn 10:24
4.5k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

30.05.2026 18:13
4.8k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

20.05.2026 15:38
5.3k+

«Liwerpul» 1989/90 çempionlyk möwsüminiň dizaýnynda täze eşigini görkezdi

«Liwerpul» futbol kluby Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan 2026/27 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi....

13.05.2026 23:00
3.7k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....