«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

  • 30.05.2026 18:13
  • 4.9k+

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

«Arne bilen ilkinji duşuşygymyzdan onuň diňe bir jogapkärçiligi kabul edýän adam däl-de, eýsem şol jogapkärçilik bilen ýaşaýan şahsyýetdigi düşnükli boldy. Onuň baş tälimçi bolmaga razylyk beren pursaty, bizi APL-de çempionlyga getiren wagty we uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolan soňky möwsüminiň dowamynda hem bu zatlar dolulygyna aýdyň boldy.

Şol bir wagtyň özünde, klubuň geljekki ösüşi üçin özgertmeleriň zerurdygy barada bilelikde bir netijä geldik.

Biz pursatdan peýdalanyp, “Liwerpul” toparyna 20-nji çempionlyk titulyny gazandyran tälimçi hökmünde bu futbol klubunyň taryhynda ebedilik galjak Arne Slota özümiziň çuňňur minnetdarlygymyzy bildirmek isleýäris» – diýlip, klubuň resmi beýanatynda bellenilýär.

47 ýaşly niderlandly hünärmen «Liwerpul» toparyna 2024-nji ýylyň tomsundan bäri ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Mersisaýdlylar onuň baştutanlygynda 2024/25 möwsüminde Premýer-ligada çempion bolmagy başardy.

Muňa garamazdan, geçen möwsümde «Liwerpul» hiç hili titul alyp bilmedi — topar jemi 60 utuk toplap, APL-de diňe bäşinji orny eýeledi. Şeýle hem Çempionlar ligasynda we Angliýanyň Kubogynda çärýek finala, Iňlis ligasynyň kubogynda dördünji tapgyra ýetdi, Angliýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda bolsa «Kristal Pelas» toparyndan utuldy.

Ygtybarly žurnalist Fabrisio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda klubuň baş tälimçisi wezipesine taryhda ilkinji gezek «Bornmuty» ýewrokuboklara çykaran we möwsümiň ahyrynda klubdan giden Andoni Iraola esasy dalaşgär hasaplanýar.


düýn 17:01
6.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....