Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar

  • 29.01.2026 13:24
  • 8.1k+

Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi.
«Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy.
Arslanbek Mahmudow, öz gezeginde, «hakyky söweş guramaga öňkülerden-de has gowy taýýar boljakdygyny» aýtdy.

Saud Arabystanynyň Baş dynç alyş edarasynyň başlygy Turki Al aş-Şeýh X sosial ulgamynda bu tutluşygyň Beýik Britaniýada geçiriljekdigini habar berdi. Duşuşyk Netflix striming platformasy arkaly ýaýlyma berler.
Taýson Fýuri 37 ýaşynda. Onuň hasabynda 34 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen), iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks guramasynyň (WBO), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) çempionlyk titullarynyň eýesi boldy. Britaniýaly türgen 2017-nji ýylda karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi, ýöne şondan soň birnäçe gezek ringe dolandy. Ol soňky iki söweşini 2024-nji ýylda ukrainaly Aleksandr Usige garşy geçirip, ikisinde-de ýeňlişe sezewar boldy.
36 ýaşly Arslanbek Mahmudow professional ringde 21 ýeňiş (19-ysy nokaut bilen) gazandy we iki gezek ýeňildi. Ol özüniň soňky tutluşygynda britaniýaly Dewid Alleni ýeňip, WBA-nyň yklymara çempion titulyny eýeledi.


30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....