Matematik alym tas iki asyrdan bäri çözülmeze dönen deňlemäni çözdi

  • 29.01.2026 18:18
  • 8.3k+

Russiýaly matematik Iwan Remizow differensial deňlemeler nazaryýetine degişli bolan we 190 ýyldan gowrak wagt bäri analitiki usul bilen çözüp bolmaýar diýlip hasaplanan meseläniň çözgüdini tapdy. Habarda häzirki zaman ylmynyň esasy gurallarynyň biri bolan üýtgeýän koeffisiýentli ikinji tertipli differensial deňlemeler barada gürrüň gidýär. Gözlegiň netijeleri barada Ykdysadyýetiň ýokary mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.
1834-nji ýylda fransuz matematigi Žozef Liuwil şeýle deňlemeleri standart amallar — goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek, şeýle-de kök, logarifm, sinus, kosinus we integrallar ýaly elementar funksiýalaryň kömegi bilen çözüp bolmajakdygyny subut edipdi. Remizow bu amallaryň arasyna «yzygiderliligiň çägini tapmak amaly» diýen düşünjäni goşmagy teklip edýär. Ol approksimasiýa (takmyny hasaplama) nazaryýetini ulanyp, çylşyrymly amaly ýönekeý ädimlerden ybarat bolan çäksiz zynjyr görnüşinde görkezdi. Laplas öwrülmesini ulanmak bolsa, bu ädimleri takyk we gutarnykly çözgüde birleşdirmäge mümkinçilik berdi.
«Gözlenilýän çözgüdi uly bir surat hökmünde göz öňüne getiriň. Ony birbada doly görmek örän kyn. Emma matematika wagtyň içinde  ösýän amallary gaty oňat beýan edip bilýär. Geçirilen işiň netijesi bolsa, suratyň döredilişiniň «kinolentasyny» çalt aýlamak arkaly onuň doly keşbini dikeltmäge mümkinçilik berýän teorema boldy» diýip, awtor öz üstünligini düşündirýär.
Şeýle deňlemeleriň emeli hemralaryň hereketini we çaltlandyryjylardaky bölejikleri seljermekde ulanylýan Matýe we Hill ýaly ýörite funksiýalary öwrenmekde ulanylýandygy bellenilýär. Bu ylmy iş, şeýle-de, Riçard Feýnmanyň integrallaryna ýakyn bolan çemeleşme arkaly klassik matematika bilen kwant mehanikasynyň usullaryny biri-birine baglaýar.
Remizow Nižniý Nowgoroddaky Ykdysadyýetiň ýokary mekdebinde we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň A.A. Harkewiç adyndaky Maglumatlary ugratmak meseleleri institutynda işleýär.


şu gün 10:53
341

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....