Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

  • 28.01.2026 15:54
  • 3.2k+

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz.
Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi. Bu smartfony Olimpiýa obasynda ýaşaýan we ýaryşlara gatnaşýan döwürlerinde goldaw hökmünde 90 töweregi ýurtdan 3800-e golaý türgen alar.
Model özüniň dizaýny bilen derrew tapawutlanýar. Onuň mawy aýna paneli «italýan gök reňkini», altynsow metal çarçuwasy bolsa ýeňiş ideýasyny görkezýär. Toplumda gök magnitli we altyn reňkli lawr nagyşly dury daşlyk bar. Hatda smartfonyň interfeýsi hem üýtgeşik: oboýlar konkiniň buzdaky hereketinden ylham alyp döredildi.

Tehniki aýratynlyklar boýunça bu adaty Galaxy Z Flip7 modelidir: ykjam eplenýän korpus, çarçuwasyz FlexWindow ekrany we 50 Mp hem 12 Mp kameralar. Ýöne esasy orny türgenleriň zerurlyklaryna görä sazlanan Galaxy AI funksiýalary eýeleýär:

  • Interpreter — hatda daglyk ýerlerde-de internete birikmezden hakyky wagtda terjime;
  • Now Brief — ýatlatma, tertipnama we taýýarlyk baradaky maglumatlar bilen gündelik gysgaça maglumat;
  • Photo Assist — suratlary redaktirlemek we fon bilen işlemek üçin emeli aň gurallary;
  • Dual Recording — emosiýalary we atmosferany bir wagtda surata düşürmek üçin öňdäki we esasy kameralara deň wagtda düşürmegiň režimi.

Smartfon «Ýeňiş selfisi» maksatnamasynyň bir bölegi bolar: baýrakly orunlary eýelän türgenler göni münberde surata düşüp biler. Şol bir wagtda Samsung «Ýeňiş profili» taslamasyny hem işe girizýär — aýratyn milli olimpiýa komitetleri üçin türgenleriň portretleri Galaxy S25 Ultra-da düşüriler.
Smartfon zerur bolan hyzmatlar toplumy bilen üpjün edilýär. Olaryň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • 100 GB bukjaly mugt eSIM 5G;
  • Galaxy Athlete — türgenleriň özara gatnaşygy üçin sanly platforma;
  • Samsung Wallet — sanly rugsatnamalar we Olimpiýa obasynyň hyzmatlary üçin;
  • Athlete365 — Oýunlaryň täzelikleri we psihologik goldaw elementleri bolan goşundy.

Smartfonlar 30-njy ýanwarda alty guramaçy şäheriň Olimpiýa obalarynda berlip başlanar. Şol ýerlerde Samsung tehniki goldaw, maglumatlary geçirmek we smartfonlary işjeňleşdirmek üçin ýörite meýdançalary gurnar.
2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary 6-njy fewraldan 22-nji fewral aralygynda geçiriler.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...