Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar

  • 28.01.2026 13:37
  • 2.8k+

Redmi Turbo 5 Max seriýanyň taryhynda ilkinji gezek flagman derejesindäki ultrases barmak yzy skanerine eýe bolar.
Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbiniň aýtmagyna görä, skanirlemek işi dem salym pursatda— ekrandaky beýleki sensorlardan 30% has çalt amala aşyrylar.
«Ol barmagyňy ekrana çalaja degirdigiň takyk tanamagy başarýar. Skaneriň amatly ýerleşişi enjamy bir el bilen aňsat we oňaýly dolandyrmaga mümkinçilik berýär» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy gürrüň berdi.
Täze Redmi üçin eýýäm öňünden sargytlar kabul edilip başlandy. Resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa ertir, 29-njy ýanwarda geçiriler.
Skaner bilen bir hatarda, smartfon täze nesliň 6,83 dýuymlyk «Super Sunlight» ekranyna eýe bolar. Bu ekran açyk Gün şöhlesiniň astynda ulanmak üçin örän amatlydyr.


31.05.2026 22:44
4.4k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.5k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...