Keniýaly ekolog agajy 72 sagat gujaklap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 28.01.2026 10:55
  • 6.9k+

​Keniýaly ekologiýa işjeňçisi Trufena Mutoni 72 sagatlap agajy gujaklap saklap, dünýä rekordyny goýdy. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

​22 ýaşly Mutoni agajyň ýanynda dynç almasyz üç gije-gündiz geçirdi. Ol bu hereketiniň üsti bilen daşky gurşawy goramagyň zerurlygyna ünsi çekmegi maksat edindi. Mundan ozalky rekord 50 sagatdan az-owlak gowrak bolupdy.
​Bu Mutoniniň ilkinji üstünligi däl. Ol 2025-nji ýylyň fewralynda hem agajyň ýanynda 48 sagat durup, meňzeş rekord goýupdy, ýöne soňra onuň netijesi ganaly Frederik Boakýe tarapyndan täzelenipdi.

​«Birinji synanyşyk bir arza, ýönekeý we mähirli hereket arkaly adamzady Ýer şary bilen täzeden tanyşdyrmagyň usulydy. Ikinji synanyşyk bolsa özboluşly bir borçdy. Men dünýäniň diňe bir görkezmeden has köp zada mätäçdigine düşündim: oňa durnuklylyk, yzygiderlilik we planetanyň aladasyny etmegiň wagtlaýyn zat däldiginiň subutnamasy gerek» diýip, Mutoni belledi.

​Ol birinji synanyşygyň tejribesiniň ikinji gezek has gowy taýýarlanmaga kömek edendigini aýtdy. Mutoni agyr çäklendirmelerden ýüz öwrüp, has köp suw içip başlady we maşklaryny azaltdy.

​«Munuň uly ähmiýeti boldy, synanyşyk wagtynda fiziki ýadawlygy hiç duýmadym. Esasy mesele ukyçyllyk boldy, sebäbi öňündäki gün gowy uklap bilmändim. Umuman, bu tejribe maňa durnuklylygyň kynçylyk çekmek ýa-da özüňi zorlamak däl-de, eýsem taýýarlyk, deňagramlylyk we organizmiň mümkinçiliklerine hormat goýmakdygyny öwretdi» diýip, rekordçy gyz öz täsirleri bilen paýlaşdy.


11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....