Esenguly etrabynda prokuraturanyň täze edara binasy açyldy

  • 26.01.2026 23:46
  • 10k+

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çäre Watan goragçylarynyň gününe bagyşlandy.
Iki gatly bina «Rysgally zähmet» kärhanasy tarapyndan gurlup, onda prokuratura işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertler döredildi. Iş otaglary ofis enjamlary, kompýuterler we mebel bilen üpjün edildi. Bina aragatnaşyk, ýyladyş, sowadyş ulgamlary we bökdençsiz elektrik üpjünçiligi bilen doly enjamlaşdyryldy.
Açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, harby gullukçylar, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy.

Binanyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaraly çäre medeni maksatnama bilen utgaşyp, baýramçylyk sadakasy bilen jemlendi.


şu gün 17:48
1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....