Aşgabatda IIM-niň işgärleriniň maşgalalary üçin täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga berildi

  • 26.01.2026 22:32
  • 10k+

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda, Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň täze tapgyry ulanmaga berildi. Bu barada THP habar berýär.
Täze ýaşaýyş toplumy bäş otagly 56 sany öýden ybaratdyr. Jaýlaryň gurluşy uly hojalyklaryň ýaşamagy üçin niýetlenip taslandy. Öýler döwrebap mebeller we durmuş tehnikalary bilen doly üpjün edildi, munuň özi jaý eýelerine açarlary alan badyna täze öýlerinde oňaýly şertlerde ornaşmaga mümkinçilik berýär.
Açylyş dabarasy milli däp-dessurlara laýyklykda geçirildi: täze jaýlaryň howlusynda zenanlar tamdyrda çörek bişirdiler, milli tagamlar bolan çelpekdir pişme taýýarladylar. Baýramçylyk gurşawyny dutaryň we taryň owazy, şeýle hem çagalar tans toparlarynyň çykyşlary has-da baýlaşdyrdy. Toý bagy kesilen pursadynda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze jaý eýelerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk çäreleri ak öýleriň ýanynda dowam etdirildi. Ol ýerde milli senetçilik önümleriniň — halylaryň we zergärçilik şaý-sepleriniň sergisi guraldy. Dabaranyň ahyrynda «Miras» folklor topary «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdi.

 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......