Windows 11-iň täze çykan täzelenmesi «gara ekrana» sebäp bolýar: Microsoft ýalňyşlygy tassyklady

  • 26.01.2026 17:41
  • 2.2k+

Windows 11 üçin 13-nji ýanwarda çykan KB5074109 belgili howpsuzlyk täzelenmesi kompýuterleriň kadaly işe girizilmegine päsgel berýän çynlakaý näsazlygy ýüze çykardy. Microsoft bu ýalňyşlygyň bardygyny tassyklap, meseläni öwrenip başlandygyny habar berdi.

Täzelenme gurnalandan soň, ulanyjylaryň bir bölegi "gara ekran" we onda «UNMOUNTABLE_BOOT_VOLUME» diýen ýalňyşlyk habary bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ulgam kompýuteri täzeden başlatmagy (restart) sorasa-da, täzeden açylanda adaty tertipde ýüklenme amala aşmaýar.
Microsoft-yň maglumatyna görä, bu mesele esasan Windows 11-iň 25H2 we 24H2 wersiýalaryna täsir edýär. Şikaýat edýän ulanyjylaryň sany häzirlikçe «çäkli» diýlip hasaplansa-da, näsazlygyň özi «örän çynlakaý» diýlip ykrar edildi.
Kompaniýanyň entek bu mesele üçin taýýar we anyk çözgüdi ýok. Ulanyjylara ulgamy dikeltmegiň adaty gurallaryny (System Recovery) ulanmaga synanyşmak maslahat berilýär.
Geň tarapy, Microsoft-yň öň tanyşdyran we WinRE arkaly awtomatiki dikeltmäge niýetlenen Quick Machine Recovery funksiýasy bu ýagdaýda netije bermeýär.


14.02.2026 19:03
978

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
875

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...