Reňki juda batyrgaý bolup çykdy: Xiaomi SU7 we YU7 modellerinde «Lava Orange» reňkinden ýüz öwürdi

  • 26.01.2026 16:49
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbin Xiaomi SU7 sedany we YU7 krossoweri üçin meşhur Lava Orange reňkiniň indi elýeterli däldigini mälim etdi. Bu reňkdäki awtoulaglaryň önümçiligi resmi taýdan bes edildi.

Lu Weýbiniň sözlerine görä, bu karara islegiň pesligi sebäp bolupdyr. Ol bu barada şeýle diýdi:

«Bu reňk örän täsirli we owadan görünýär, ýöne ony satyn almaga isleg bildirýän ulanyjylaryň sany juda az. Hemmelere ýarajak we hemmeleriň satyn aljak awtoulag boýagyny saýlamak hakykatdanam örän kyn mesele».

Xiaomi-niň resmi maglumatlaryna görä, bu reňk üç gatlakly pürkme tehnologiýasy arkaly döredilipdi. Bu usul awtoulagyň kuzowyna örän janly we doýgun öwüşgin berýär, Gün şöhlesi düşende bolsa ajaýyp ýalpyldaýar. Dürli burçlardan seredilende reňkiň üýtgemegi ýaly aýratynlyklara eýe.
Gyzykly tarapy, Lu Weýbiniň özi hem hut şu reňkdäki awtoulagy sürýändigini tassyklady we bu habary sosial ulgamlarda aglaýan smaýlikler bilen paýlaşdy.
Xiaomi SU7 premium klasly elektrik sedany.
Xiaomi YU7 bolsa orta ölçegli elektrik krossoweri. Iki model hem Xiaomi Modena platformasynda gurlan bolsa-da, olar kuzow görnüşi we bazardaky ornuna görä biri-birinden tapawutlanýar.


26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......