Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi

  • 26.01.2026 17:22
  • 4.6k+

Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi.

Jübütlikdäki duşuşyklarda 12 ýaşly Sülgün Işangulyýewa Iordaniýanyň wekili A. Gokaşau bilen bilelikde ikinji orny eýeledi. Ýaryşyň dowamynda olar Russiýadan, Indoneziýadan we Malaýziýadan gelen garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Ýarym finalda bolsa Hindistanyň wekillerini utup, finala çykdy. Final duşuşygynda olar Russiýanyň we Eýranyň wekillerinden düzülen S. Himmelreýh/Aýlin Mohammadian jübütinden utulyp, kümüş medala mynasyp boldy.
Ýekelikde geçirilen ýaryşda türkmen türgenleriniň arasynda Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa iň gowy netijäni görkezdi. Ol üç duşuşykda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdy we bu ýerde Hytaýyň wekilinden utuldy. Soňra üçünji ýer ugrundaky oýunda bolsa Ýaponiýanyň wekilinden asgyn gelip, dördünji orny eýeledi.
«ATF Bahrain 14 & Under Category A» ýaryşy reýting utuklaryny berýän ýaryşlara degişlidir. Onuň netijeleri boýunça Näzli Hudaýgulyýewa Aziýanyň ýetginjekler reýtinginde 19-njy, Sülgün Işangulyýewa bolsa 52-nji orny eýeledi. Türgenleriň ikisi-de Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.


 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......